Gazagystanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

Gazagystanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýekşenbe güni döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow garşylady.

Habara görä, olar howa menziliniň Hökümet wekiliýetleriniň zalynda söhbetdeşlik geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ahal-teke atçylyk toplumynda duşuşdylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanlary meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ahalteke bedewlerine tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi şeýle-de türkmen jigitlerine hoşallyk sözleri aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň adyndan Gazagystanyň doganlyk halkyna Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Böwser atly aw tazysyny gazak halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde gowşurdy.

Belent mertebeli myhman Gazagystanyň halkyna bildirilen hormat we ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen uzak geljegi nazarlaýandygyny, iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdürilýändigini aýratyn nygtady.

Aşgabatda duşenbe güni nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-gazak duşuşygy geçiriler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň ugurlar açylýar.

(Suratlar: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

2022