Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi açyldy

Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, dabara gatnaşyjylar Dolandyryş merkeziniň işi, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary, töleg terminallary, hyzmat ediş desgalary, howpsuzlyk we gözegçilik elektron ulgamlary, şeýle hem sürüjileriň we ýolagçylaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Bu giň gerimli taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirildi. Takmynan bir ýyldan awtomobil ýolunyň ikinji bölümini – Tejenden Mara, ýene-de bir ýyldan hem, ýagny üçünji ýylda – Marydan Türkmenabat şäherine ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sanly ulgam arkaly penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda täze ýokary tizlikli ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat —Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022