Aşgabatda şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde türkmen-türk hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 8-sine gol çekildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen “Anadolu” agentliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşygyň iki doganlyk halkyň umumy taryhy köklerine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň eýeleýän möhüm ornuna üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy düzümleriniň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle hem söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşiklerden soňra Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini gowşurdy.
Belent mertebeli myhman bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ordeni döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny hem berdi.
(Suratlar: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)