Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Liderleriniň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Liderleriniň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy
Yssyk-Kul howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Japarow garşy aldy. (Surat: Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yssyk-Kul sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw maslahatyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Gyrgyzystana bardy.

Yssyk-Kul howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Japarow garşy aldy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Merkezi Aziýa Liderleriniň sammitiniň çäklerinde birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.

Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işe başlany bäri Gyrgyzystana ilkinji saparydyr.

Suratlar: Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy

2022