Türkmenistan bilen Özbegistan Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

Türkmenistan bilen Özbegistan Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar
Döwlet Baştutanlary Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegi ylalaşdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi boýunça Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Giň düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlyk boýunça taslamalaryň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem, senagat, energetika, himiýa we oba hojalygy ýaly ileri tutulýan pudaklarda täze taslamalary döretmek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de Döwlet Baştutanlary Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegi ylalaşdylar. Bu işde Türkmenbaşy deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmak hem göz öňüne tutulýar.

Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda köptaraply türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksatly birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar aşakdakylardan ybarat:

  • Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy gepleşikleri ýokarlandyrmak we parlamentara, medeni-ynsanperwer, söwda- ykdysady hyzmatdaşlykda alyş-çalşygy işjeňleşdirmek boýunça 2022-2024-nji ýyllar aralygynda amaly işleriň meýilnamasy;
  • Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşyk;
  • Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinde söwda öýlerini düzgünleşdirmek boýunça ylalaşyk;
  • Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk;
  • Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amaly çäreleriň meýilnamasy;
  • Dermanlary we lukmançylyk önümlerini hasaba almak boýunça ylalaşyk.

Şeýle hem taraplar elektrik energiýasy, gümrük, weterinariýa, maldarçylyk, kinematografiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary kabul etdiler.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-nji oktýabrda başlandy.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

2022