“Ýigit” kompaniýasy “Global G.A.P.” halkara sertifikatyna eýe boldy

 “Ýigit” kompaniýasy “Global G.A.P.” halkara sertifikatyna eýe boldy
Kompaniýanyň önümleri içerki bazarlara, şeýle hem daşarky bazarlara, hususan-da, GDA ýurtlaryna iberilýär.

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ilkinji bolup önümleriň hil, howpsuzlyk we ekologiýa boýunça halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan “Global G.A.P.” halkara sertifikatyna eýe boldy.

Kärhananyň hünärmeniniň ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, Türkmenistanda iň iri ýyladyşhana pomidorlaryny ösdürip ýetişdirýän “Ýigit” kompaniýasynyň ýyladyşhana toplumy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 34 gektar meýdanda ýerleşýär we onda 600-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýanyň önümleri “Mahmal Agroproduct” haryt nyşany bilen içerki bazarlara, şeýle hem daşarky bazarlara, hususan-da, GDA ýurtlaryna iberilýär.

Ýyladyşhanada ösümlikleriň we nahallaryň kadaly ösmegi üçin zerur bolan çyglylyk, temperatura şertleri, howa çalşygy ulgamy ýaly ähli mümkinçilikler bardyr. Mundan başga-da, kompaniýa pomidor önümlerini zyýankeşlerden we kesellerden goramakda diňe howpsuz we halkara derejesinde tassyklanan zyýankeşlerden goraýjy serişdeleri we dökünleri ulanýar.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti “Global G.A.P.” halkara sertifikatyny alty aýyň dowamynda aldy. Bu halkara sertifikatyna eýe bolmak bilen belli bir ülňüleriň berjaý edilýändigi tassyklanylýar we önümçilik işini giňeltmäge we ösdürmäge, ýagny, Ýewropa ýurtlaryna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, önümleriň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki bazarda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

“Ýigit” kompaniýasynyň “Global G.A.P.” halkara sertifikatyna eýe bolmagy bu pudakda onuň öňdebaryjy kärhanalaryň hataryndadygyny tassyklaýar we işewürligi mundan beýläk hem ösdürmäge itergi berýär.

Halkara sertifikaty almak üçin degişli işler ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) bilen hyzmatdaşlykda we onuň Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.

“Global G.A.P.”- dünýädäki oba hojalyk önümlerini meýletin kepillendirmek üçin talaplary kesgitleýän garaşsyz guramadyr. “Global G.A.P.” programmasy boýunça sertifikat bermeklik 80 ýurtda 100-den gowrak garaşsyz akkreditlenen sertifikat guramasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2022