“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň kanunyna girizilen goşmaça görä, senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş ygtyýarlylandyrylmaga degişli edildi.
Degişli Kanuna girizilen goşmaça şu ýylyň 16-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekildi.
“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň kanunyna girizilen goşmaça “Türkmenistan” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda çap edildi.
Bu goşmaça 2008-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň birinji böleginiň 22-nji bendinden soň goşulmaly edildi.
Bu kanun resmi metbugatda çap edilen gününden güýje girdi.