Mary welaýatynda ýerleşýän “Ýylan” gaz käniniň №01 ulanyş-bahalandyryş guýusynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, guýynyň önümçiligi bir günde 991,6 müň kub metr tebigy gaza deň bolar. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Burawlanan guýy iki müň ýedi ýüz metr çuňlukdan “mawy ýangyjyň” senagat akymyny berdi.
Mundan başga-da, täze guýynyň önümi arassalygy, kükürt wodorodyny saklamaýanlygy bilen tapawutlanýar.
Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň buraw brigadalarynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijesinde gazanyldy. “Türkmengaz” DK-nyň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawçylary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gaz känlerini gözlemek we işläp taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gumdagnebit” nebitgazçykaryş müdirligi 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda hereket edýän guýulardan 91 müň tonna nebitiň çykarylmagyny üpjün etdi. Şol bir wagtda hasabat döwründe meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 124 göterime deň boldy.