Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde anna güni “Lebap Handmade Exports (Lebap HME)” atly startap inkubator maksatnamasynyň işe girizilmegini goldaýan senetçilik önümleriniň sergisi geçirildi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
“Lebap HME” maksatnamasy ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda, şeýle hem UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň goldaw bermeginde amala aşyrylýar.

Taslama gatnaşyjylar dizaýny, sosial ulgamlarynda marketingi, mahabat bildirişleriniň tekstini düzmegi we ýazmagy, surata almagy hem-de sanly marketingi öwrenmäge mümkinçilik gazanarlar.
Şeýle hem bu maksatnama türkmen el işleriniň satyjylary üçin esasy maksatlaýyn bazar bolan ABŞ-nyň täze işewür hyzmatdaşlary we onlaýn-dükanlary bilen aragatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döreder.
Bu çärä 300-den gowrak myhman gatnaşyp, olaryň köpüsi “Lebap Handmade Exports (Lebap HME)” maksatnamasyna gatnaşmak kararyna geldiler.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


