Türkiýe 13 müň tonna golaý türkmen gämi ýangyjyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe 13 müň tonna golaý türkmen gämi ýangyjyny import etdi
Türkiýe 2022-nji ýylda Türkmenistandan 15,54 müň tonnadan gowrak gämi ýangyjyny import etdi.

Türkiýe şu ýylyň ýanwar aýynda 12 müň 896 tonna türkmen gämi ýangyjyny import etdi. Bu barada Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdiriji edara (EPDK) salgylanyp, "Trend" agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Türkiýe geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistandan 9 müň 182 tonna gämi ýangyjyny import etdi.

Türkiýe 2022-nji ýylda Türkmenistandan 15,54 müň tonnadan gowrak gämi ýangyjyny import etdi. Bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,5 esse artykdyr (2,06 müň tonna).

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 2,067 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarydyr.

2022