Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Söhbetdeşligiň barşynda Döwlet Baştutanymyz we Rifat Hisarjyklyoglu iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Türkiýe bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň başynda Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi we Türkiýede Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine guwanylýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigini belläp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Rifat Hisarjyklyoglu iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu öz gezeginde türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022