Gazagystanyň ýöriteleşdirilen tehnika boýunça distribýutory bolan “Eurasian Machinery” kompaniýasy “Grove” awtokranlaryny türkmen bazaryna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada vertikal.net sişenbe güni habar berdi.
Mundan başga-da, bu awtokranlaryň Özbegistanda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda peýda bolmagyna garaşylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, awtokranyň ýük göterijiligi 130 tonna, göteriş beýikligi bolsa 95 metre çenli ýetýär. Bu tehnika sagatda 85 kilometr tizlik bilen ýollarda hereket edip bilýär.
“Eurasian Machinery” kompaniýasy Almaty şäherinde ýerleşip, ol 2018-nji ýyldan bäri Gazagystanda we Merkezi Aziýada ýurtlarynda “Hitachi” ýapon kompaniýasynyň gurluşyk enjamlarynyň resmi distribýutory bolup çykyş edýär. Şeýle hem Özbegistanyň paýtagty Daşkentde we Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde bu kompaniýanyň resmi edara binasy bar.