2022: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy $20 milliarda deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy $20 milliarda deň boldy
Hasabat döwründe Türkmenistanyň eksporty 12,7 milliard ABŞ dollaryna, ýurduň import bolsa 7,3 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda daşary söwda dolanyşygy 20 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekiline salgylanyp, Özbegistanyň habar agentligi “Daryo” duşenbe güni habar berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistan 2022-nji ýylda 5,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolan oňyn söwda saldosyny gazandy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň eksporty 12,7 milliard ABŞ dollaryna, ýurduň import bolsa 7,3 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, milli eksportyň takmynan 80 göterimi energiýa pudagynyň paýyna düşýär.

Türkmen gazynyň Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana we Özbegistana eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60 göterimden gowrak ýokarlandy. Türkmenistanyň Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana elektrik energiýa eksporty bolsa takmynan 30% artdy.

Şeýle hem Türkmenistan dünýä bazarlarynda nebit önümlerini, dokma önümlerini, haly we azyk önümlerini eksport edýär.

2022