Gyrgyzystanyň Milli maýa goýum gullugy Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde maý aýynda Aşgabat şäherine işewürlik toparyny ugratmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli maýa goýum gullugyna salgylanyp, "Economist.kg" neşiri çarşenbe güni habar berdi.
Işewürlik topary Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Toparyň esasy maksady syýahatçylyk, senagat, oba hojalygy we ýeňil senagat ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň işewürlik toparynyň Aşgabada saparynyň dowamynda saglygy goraýyş, myhmanhana we restoran işi, binagärlik we gurluşyk, IT tehnologiýalary, halkara ulag, marketing hem-de maslahat beriş ýaly ugurlar boýunça pikir alşylar.
Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2 göterim ýokarlandy.