Ýaşlyk keramzit zawodynda 3,1 million manatdan gowrak keramzit öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaşlyk keramzit zawodynda 3,1 million manatdan gowrak keramzit öndürildi
Türkmenistanyň baý çig mal gorlary zawodda keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawodynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 3 million 185 müň manatlyga golaý keramzit öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, pul hasabynda 138,6 göterim ösüş depginine eýe boldy. Şol döwürde kärhanada öndürilen keramzidiň müňlerçe kub metri sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň baý çig mal gorlary zawodda keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berýär. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge ýeterlik şert döredýär.

Ýaşlyk keramzit zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup, Türkmenistanda gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanylýar.

2022