USAID bilen “Rysgal” bank ilkinji wençur maýa goýum gaznasyny döreder

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID bilen “Rysgal” bank ilkinji wençur maýa goýum gaznasyny döreder
Foruma Türkmenistanyň hususy pudagynyň maýadarlary, maliýe guramalarynyň wekilleri Halkara maýa gaznalaryň esaslandyryjylary gatnaşdylar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) "Rysgal" paýdarlar täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlykda penşenbe güni Aşgabatda wençur maýa goýumlary boýunça forum geçirdi. Forumyň dowamynda Türkmenistanda ilkinji wençur maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy habar berdi.

Foruma Türkmenistanyň hususy pudagynyň maýadarlary, maliýe guramalarynyň, IT kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, döwlet düzgünleşdiriji edaralarynyň wekilleri, Halkara maýa gaznalaryň esaslandyryjylary, hususy maýadarlar hem-de Bolgariýadan, Gazagystandan, Singapurdan gelen bilermenler gatnaşdylar.

Maýa goýumlary boýunça forumyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, “Vitosha Ventures”, “MOST Ventures” we “Quest Ventures” ýaly innowasiýalar we wençur maýa goýum pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalaryna hem-de edaralaryna wekilçilik edýän işewürler çykyş etdiler. 

Foruma gatnaşyjylar maýa goýum strategiýalary we wençur gaznalarynyň artykmaçlyklary, şeýle hem Türkmenistanda ilkinji wençur gaznasynyň döredilmegi bilen baglanyşykly amaly ädimler barada düşünjelerini giňeltmek ugrunda gowy mümkinçilik aldylar.

USAID daşary ýurtlara durmuş we ykdysady kömegini bermek maksady bilen 1961-nji ýylda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda USAID dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar.

2022