ÝTÖB Türkmenistanda €33 milliona barabar 23 taslamany durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Türkmenistanda €33 milliona barabar 23 taslamany durmuşa geçirýär
Karz bukjasy 23 sany taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 28-nji fewraldaky taslamalarynyň karz bukjasy takmynan 33 million ýewra deň boldy.

Karz bukjasy 23 sany taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir. Bu barada ÝTÖB-e salgylanyp, “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.

Taslama bukjasynyň aglaba bölegi (95 göterim ýa-da 32 million ýewro) durnukly senagata, söwda we oba hojalyga, 5 göterimi ýa-da iki million ýewro maliýe guramalaryna gönükdirilendir.

Habarda bellenilişi ýaly, ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 336 million ýewra barabar bolan 87 taslama maýa goýumyny goýdy.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky döredilen gününden bäri 6 müň 100-den gowrak taslamany amala aşyran halkara maliýe guramasydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022