Türkmenistanda import edilýän gurluşyk serişdelerini seljermek baradaky Buýruk güýje girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda import edilýän gurluşyk serişdelerini seljermek baradaky Buýruk güýje girdi
Serişdeleriň döwlet ülňülerine laýyklygyny kesgitlemek üçin ministrlik tarapyndan ýörite topar dörediler.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Orunow ýurda getirilýän gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň tehniki, hil we gözellik aýratynlyklaryny, şeýle hem olaryň bahasyny seljermek baradaky Buýruga gol çekdi. Bu baradaky degişli resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýaýradyldy.

Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň ähli görnüşlerini getirmek we ýurduň gurluşyk standartlaryna laýyk gelmeýän materiallary ulanmagy gadagan etmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek üçin gol çekildi.

Serişdeleriň döwlet ülňülerine laýyklygyny kesgitlemek üçin ministrlik tarapyndan ýörite topar dörediler. Gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri seljermek we baha bermek Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi tarapyndan amala aşyrylar.

Topar gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň tehniki, hil we gözellik aýratynlyklaryny seljerýär we degişli teswirnama düzýär, soňra bolsa ol gol çekmek üçin ministre iberilýär.

Bu düzgünler eýeçiligiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan gurluşyk serişdelerini import edijileriň ählisine degişlidir.

Gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň seljermesini geçirmek üçin aşakdaky resminamalar talap edilýär:

Gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň seljermesini geçirmek barada ýüz tutma;

  • ýuridik şahs üçin - esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň nusgasy, onuň ynanylan wekili tarapyndan tabşyrylan halatynda, wekiline berlen ynanç hatynyň nusgasy;
  • fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň nusgasy we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;
  • buýrujy we potratçy tarapyndan ylalaşylan, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriň sanawy (şu Tertibe 1-nji goşundy);
  • gurluşyk materiallaryny getirmeklik barada satyjy bilen baglaşylan şertnamanyň nusgasy (şertnamanyň ähli goşundylary bilen);
  • hususy telekeçileriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydygyny tassyklaýan  resminamasy (eger-de bar bolsa).
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022