Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,2 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Şeýle hem wise-premýer söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň 116,2 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 107,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 114,4 göterime, tikin we trikotaž önümleri 101,6 göterime, gön önümleri 118,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, Batyr Atdaýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 122,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň bolsa 107,2 göterime deň bolandygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak, olaryň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň işini talabalaýyk guramagyň wajypdygyny aýtdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.