Türkmen kärhanalary “eBay Central Asia Hub 2023” taslamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärhanalary “eBay Central Asia Hub 2023” taslamasyna gatnaşmaga çagyrylýar
“eBay Central Asia Hub 2023” taslamasyna gatnaşmak üçin arzalar 30-njy aprele çenli kabul edilýär.

Kärhanalara dünýä bazaryna çykmaga ýardam berýän Merkezi Aziýa merkezi ýerli kärhanalary “eBay Central Asia Hub 2023” taslamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada ABŞ-niň Halkara ösüş agentligi (USAID) duşenbe güni habar berdi.

Bu merkez Halkara Maliýe Merkeziniň “Ready4Trade Central Asia” taslamasy bilen birlikde USAID-yň Kärhana we iş gurşawy taslamasy tarapyndan ýöredilýär. Bu taslama “eBay” söwda platformasynda dükanlary açmak we dolandyrmak, daşary ýurtdaky müşderilerden töleg almak boýunça maslahatlary bermek hem-de “Payoneer” töleg ulgamyna, DHL kompaniýasynyň ýörite nyrhlaryna, önümleriň sanawyna we satuw mahabatyna birikmäge ýardam bermek bilen elektron söwda arkaly Merkezi Aziýanyň kiçi we orta kärhanalaryny halkara müşderiler bilen birleşdirmegi maksat edinýär.

Taslama iň gowy dalaşgärlere şahsy okuw we bazara girmek üçin strategiýany gowşurar, hem-de olaryň “eBay” dükanyny düzüp, işe girizer. Şeýle hem olaryň harytlary ABŞ-daky ammarlara iberilip, olar muzdsuz eltip bermek hyzmatyndan peýdalanarlar.

“eBay Central Asia Hub 2023” taslamasyna gatnaşmak üçin arzalar 30-njy aprele çenli kabul edilýär. Dalaşgärler elde dokalan halylar, milli egin-eşikler, öý bezegleri we kiçi suratlar ýaly özboluşly önümleri ýa-da sungat eserlerini öndürýän, hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda hasaba alnan we iş alyp barýan kärhanalar bolmalydyr.

Giňişleýin maglumat almak we hasaba durmak üçin şu salga geçip bilersiňiz.

2022