Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 36 desga satuwa çykarylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 36 desga satuwa çykarylýar
Şeýle hem dolandyryş binalary we önümçilik desgalary satuwa çykarylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 36 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşine görä, döwlet eýeçiligindäki desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 10-njy maýda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

Lebap welaýatynda ýerleşýän meýdany 25 müň 500 inedördül metre barabar bolan maldarçylyk we guşçulyk fermasy, şol welaýatda ýerleşýän “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 müň 800 inedördül metr), Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 müň 400 inedördül metr) we Aşgabatda ýerleşýän “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy (4 müň 300 inedördül metr) satuwa çykaryldy.

Şeýle hem dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Auksiona gatnaşyjylaryň hemmesine öňünden hususylaşdyryljak emläk baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy ähli borçnamalar bilen amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022