“Garagum” kompaniýasy Ženewada geçirilýän INDEX23 sergisine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garagum” kompaniýasy Ženewada geçirilýän INDEX23 sergisine gatnaşýar
“Garagum” kompaniýasynyň Ženewada geçirilýän “INDEX23 World's Leading Nonwovens Exhibition” atly sergidäki diwarlygy (Foto; Biznes Türkmenistan)

“Garagum” hojalyk jemgyýeti 18-21-nji aprel aralygynda Ženewada geçirilýän “INDEX 23 World's Leading Nonwovens Exhibition” atly sergä dokalmadyk matalardan öndürýän önümleri bilen gatnaşýar. Bu çäre her üç ýyldan bir gezek geçirilip, ol dokalmadyk matalaryň iň uly global sergisi bolup durýar. Şeýle hem bu sergä dünýäniň dürli künjeklerinden dokalmadyk matalary öndürijiler öz önümleri bilen gatnaşýarlar.

INDEX23 sergisi dokalmadyk matalardan öndürilýän önümleriň giň toplumyny, şol sanda tehnikany, ýelimleri, himiki maddalary we kompozitleri, şeýle hem ýerüsti arassalaýyş we galyndylary gaýtadan işleýän enjamlary öz içine alýar. Bu ýyl “Index 2023-Geneva” sergisine 100-den gowrak ýurtdan 600 sany öndüriji öz önümleri bilen gatnaşýar. “Palexpo” sergiler merkezine 13 müňden gowrak myhman geldi.

Dokalmadyk matalary öndürýän “Garagum” kompaniýasynyň wekilleri serginiň dowamynda Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň sarp edijileri bilen oňyn pikir alyşdylar. Önümlerini Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlaryna 2022-nji ýylyň ahyrynda eksport edip başlan “Garagum” kompaniýasynyň INDEX23 sergisine gatnaşmaklygy ösüş üçin uly mümkinçilik bolup durýar.

“Garagum Nonwoven” kompaniýasy spanbond, meltblown we spanmelt kompozitleri öndürýär we olardan bir gezek ulanylýan önümleriň, ýagny, üç we köp gatly agyz-burun örtükleriniň, baş gaplarynyň, halatlaryň, kambinezonlaryň we düşek örtükleriniň önümçiligini amala aşyrýar. “Garagum” kompaniýasy bu sergä gatnaşýan iň ýaş kompaniýalaryň biri bolsa-da, Merkezi Aziýada EDANA-nyň ýeke-täk agzasy bolmak bilen öndürýän önümleriniň hilini ýokardygyny subut etdi.

EDANA dokalmadyk matalary öndürijileri, üpjün edijileri we hyzmat berijileri birleşdirýän global söwda guramasydyr. Gurama hukuk, bilim we aragatnaşyk ulgamy arkaly durnukly tejribäniň we dokalmadyk matalar pudagynyň ösmegine ýardam berýär.

2022