“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn aldy
“Gazprom” kompaniýasy 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy.

Russiýanyň iň uly energiýa kompaniýasy “Gazprom” ozal baglanyşylan ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin bilen geçirilen söhbetdeşlige salgylanyp, “TASS” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem ilçi Aleksandr Blohin Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz saklamak üçin ýerasty desgalary döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy.

“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022