Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi maýa goýum bäsleşigini geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi maýa goýum bäsleşigini geçirýär
Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumy, Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşigini geçirýär. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda çap edildi.

Maýa goýum bäsleşigine Mary säheriniň Şamyradow köçesiniň 24-nji jaýynda ýerleşýän 45 668 343,00 manada deň bolan Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasy satuwa çykarylýar.

Desganyň hususy eýeçilige satylmagy işiň görnüşini we bar bolan iş orunlaryny saklamak şerti bilen amala aşyrylýar.

Maýa goýum bäsleşigine gatnaşyjylaryň ählisine ilki bilen desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Maýa goýum bäsleşigine bellenen görnüşde ýüztutma beren, girew goýan, ýörite ýygym tölän, bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen möhletde bellige alnan Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplary we daşary ýurt edara görnüşli taraplary gatnaşmaga hukuklydyr.

Ýüztutmalary kabul etmek we bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar we bu bäsleşik çap edilen gününden başlap, söwdanyň başlanmagyna iki senenama güni galanda tamamlanýar.

Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Maýa goýum bäsleşigi 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, ýagny Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022