Türkmenistana “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň ikinji ýük uçary gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň ikinji ýük uçary gelip gowuşdy
“Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçary

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline “Airbus A330-200P2F” kysymly ikinji ýük uçary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda satyn alyndy.

Habarda bellenilişi ýaly, howa ulaglary pudagynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, şunuň ýaly uçarlaryň satyn alynmagy milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ugurdaky islegi kanagatlandyrmaga, howa ýük gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga hem-de hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berer.

Şeýle hem bu ýük uçarlary dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilip, onuň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, uçarmanlar bilen gysga möhletli okuwlar we tejribelikler gurnalyp, “Airbus A330-200P2F” ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline şu ýylyň mart aýynda ilkinji “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy.

2022