Türkiýäniň “Bursalı” tekstil kompaniýasy Türkmenistanda kärhana açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň “Bursalı” tekstil kompaniýasy Türkmenistanda kärhana açmagy meýilleşdirýär
“Bursali” tekstil kompaniýasy, Bursa, Türkiýe

Türkiýäniň iri tekstil kompaniýasy bolan “Bursalı” Türkmenistanda ilkinji kärhanasyny açýandygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Alper Bursaliniň aýdanlaryna salgylanyp, Türkiýäniň metbugat toparynyň “ST Endustri” web sahypasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Bursalı” kompaniýasy Türkmenistanda 100 müň inedördül metr meýdanda täze önümçilik ugurlaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Türkiýäniň “ST Endustri” internet neşiriniň habaryna görä, kärhanada ýüplük öndürmek, ony boýamak we çalgyçlary öndürmek boýunça ussahanalar işe giriziler we onuň ikinji tapgyrynda tikin önümçiligi hem başladylar.

Şeýle hem Alper Bursali täze kärhanany enjamlaşdyrmak üçin 22,5 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýulandygyny we önümçilik enjamlary ýüklenilen 200 sany awtoulagynyň Türkmenistana ugradylandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda açyljak “Bursalı” fabrigi ýylda 12 müň tonna ýüplük, 10 müň tonna çalgyç we egin-eşik öndürmegi meýilleşdirýär. Täze kärhanada takmynan 1 müň sany iş oruny dörediler.

2022