“Sturgeon Capital” Merkezi Aziýadaky startaplara $35 million maýa goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sturgeon Capital” Merkezi Aziýadaky startaplara $35 million maýa goýmakçy
“Sturgeon Capital” başlangyç kapital kompaniýasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy we şondan bäri daşary ýurt bazarlarynda girdeji gaznasynyň öňdebaryjy dolandyryjysyna öwrüldi.

Londonda ýerleşýän “Sturgeon Capital” başlangyç kapital kompaniýasy Merkezi Aziýadaky startaplara 35 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada “TechCrunch” onlaýn gazeti penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa “Sturgeon Emerging Opportunities II” atly gaznasynyň üsti bilen maliýe tehnologiýalaryna, B2B programma üpjünçiligine we söwda platformasyndaky biznes-modellere ünsi jemlär.

Kompaniýanyň Baş maýa goýum işgäri “Sturgeon Capital” başlangyç kapital kompaniýasynyň her bazarda bolmagy ähli geleşik akymyny görmäge, netijeli barlaglary geçirmäge we maýa goýumlary goýulandan soň goşmaça goldaw bermäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Şu ýylyň fewral aýynda işe girizilen bu gazna eýýäm “Shikho” (Bangladeş bilim tehnologiýalar) we “Oasis MFI” (Merkezi Aziýanyň maliýe tehnologiýasy) kompaniýalaryna maýa goýdy.

“Sturgeon Capital” başlangyç kapital kompaniýasy 2006-njy ýylda Klamente Kappello tarapyndan esaslandyryldy we şondan bäri daşary ýurt bazarlarynda girdeji gaznasynyň öňdebaryjy dolandyryjysyna öwrüldi.

2022