Ýanwar-aprel: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 13,2 göterim ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-aprel: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 13,2 göterim ýokarlandy
Türkmenistandaky tehnologiýa önümçiliginden bir pursat

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,2 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Wise-premýer 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda jemi öndürilen önümiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 göterim artandygyny habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bölek satuw haryt dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4 göterim artdy. Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 115,4 göterim, çykdajy böleginiň 97,5 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamlar boýunça, hususan-da, önümçilik ulgamy boýunça görkezijileri seljermegi, pudaklaryň bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekleri üçin netijeli çäreleri görmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022