Türkmen telekeçileri “Central Asia Houseware” atly sergä gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri “Central Asia Houseware” atly sergä gatnaşmaga çagyrylýar
''Central Asia Houseware 2022'' atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň sergisi, 2022-nji ýylyň 29-nji maýyndan 1-nji iýun aralygy, Almaty, Gazagystan

Türkmen telekeçileri 2023-nji ýylyň 14-17-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän “Atakent” sergi merkezinde geçiriljek “Central Asia Houseware” atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu serginiň esasy maksady şol bir ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin köpugurly işewürlik platformasyny döretmek bolup durýar. Bu barada “Central Asia Houseware” atly serginiň web sahypasynda habar berilýär.

Şeýle hem sergi oňa gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmäge, täze işewürlik gatnaşyklary gurmaga, eksport-import şertnamalary baglaşmaga, bazary we bäsdeşlige ukyplylygy öwrenmäge hem-de Merkezi Aziýa bazarynda işewürlik döretmäge amatly şert döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, sergi dünýäniň dürli künjeginden öndürijileri we distribýutorlary bir ýere jemläp, onuň dowamynda gap-gaç önümleri, öý tehnologiýalary, öý goşlary, plastmassa önümleri we sowgatlyk önümler ýaýbaňlandyrylar.

2022