FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary şu ýyl ilkinji gezek ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary şu ýyl ilkinji gezek ýokarlandy
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi şu ýylyň aprel aýynda 127,2 bala ýetdi.

Etiň, şekeriň we tüwiniň halkara bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli azyk önümleriniň global bahalary şu ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ýagny aprel aýynda ýokarlandy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

FAO-nyň azyk önüm baha indeksi şu ýylyň aprel aýynda 127,2 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 0,6 göterim ýokarlandy.

FAO-nyň şeker baha indeksi aprel aýynda ortaça 149,4 bal bolup, mart aýyndakydan 17,6 göterim ýokarlandy.

Hindistanda, Hytaýda, Taýlandda we Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlarda önümçiligiň mukdarynyň peselmegi, şeýle hem Braziliýada gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalmagynyň yza süýşürilmegi bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

FAO-nyň et baha indeksi şu ýylyň aprel aýynda 114,5 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 1,3 göterim artdy we 2022-nji ýylyň aprel aýyndaky görkezijisinden 6,1 göterim peseldi.

Galla önümleriniň halkara bahalary, tersine, 1,7 göterim, 2022-nji ýylyň aprel aýyndaky görkezijisinden bolsa 19,8 göterim peseldi. Şeýle hem 2023-nji ýylyň aprel aýynda bugdaýyň bahasy 2,3 göterim, mekgejöweniň bahasy 3,2 göterim, ösümlik ýagynyň bahasy 1,3 göterim, süýt önümleriniň bahasy 1,7 göterim arzanlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022