Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 11-nji maýy, Duşenbe, Täjigistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Duşenbe şäherinde ýerleşýän Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň dokma senagat pudagynda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany we Premýer-ministr Kohir Rasulzoda Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, aýratyn-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine kybap gelýän özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň Premýer-ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki dostlukly halkyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparynyň çäginde Prezident Emomali Rahmonyň Duşenbe şäheriniň etegindäki dag içinde ýerleşýän “Takob” kabulhanasyna hem bardy.

2022