Türkmenistan Germaniýadan €2,43 million möçberinde mineral çig maly import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Germaniýadan €2,43 million möçberinde mineral çig maly import etdi
Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýadan umumy möçberi 840 müň ýewro deň bolan mineral çig maly import etdi.

Türkmenistan Germaniýadan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,43 million ýewro möçberinde mineral çig maly import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende 3,2 göterim ýokarydyr. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýadan umumy möçberi 840 müň ýewro deň bolan mineral çig maly import etdi. Bu bolsa 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 1,8 esse azdyr (1,59 million ýewro).

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Germaniýadan haryt importyny 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýy (35.09 million ýewro) bilen deňeşdirilende 32,5 göterim ýa-da 23,68 million ýewro çenli azaltdy.

Türkmenistanyň Germaniýa bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 23,97 million ýewrodan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,9 göterim azdyr (35,21 million ýewro).

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022