Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) maksatnamasynyň çägindäki umumy maýa goýumlary 2022-nji ýylda takmynan 47 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) müdiriniň orunbasary Şisin Çen Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen AÖB-nyň 56-njy mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, “Report” habarlar gullugy geçen hepdäniň anna güni habar berdi.
AÖB-niň müdiriniň orunbasary Şisin Çen öz çykyşynda bu serişdeleriň 17 milliard ABŞ dollarynyň AÖB tarapyndan, takmynan 21 milliard ABŞ dollarynyň beýleki Ýewropaly hyzmatdaşlar tarapyndan we 9 milliard ABŞ dollarynyň bolsa MASYH agza ýurtlarynyň hökümetleri tarapyndan gönükdirilendigini aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda AÖB esasan energiýa, oba hojalygy we ulag taslamalaryna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Hususan-da, Merkezi we Günbatar Aziýa üçin meýilnamalar howanyň gün tertibi göz öňünde tutulyp, oba hojalygynyň tejribesini girizmegi, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegi, betbagtçylyk boýunça duýduryş ulgamlaryny girizmegi we howanyň üýtgemegi bilen bagly umumy MASYH ulgamyny düzmegi göz öňünde tutýar.
MASYH Instituty Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy , Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen bilelikde dolandyrylýan hökümetara guramadyr. Onuň esasy maksady gurama girýän döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.