Türkmenistanda 2024-nji ýylyň Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

  • Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;
  • ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;
  • bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022