Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň XXXIV mejlisi

Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi duşenbe güni Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan foruma ýurduň degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Foruma gatnaşyjylar bu gezekki duşuşygyň özara düşünişmek esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň mejlisiniň üç günlük işiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

2022-nji ýylyň maýynda Türkmenistan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga goşuldy.

2022