“Ýazgül öýmeler” butigi Aşgabadyň milli modasyna täze itergi berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýazgül öýmeler” butigi Aşgabadyň milli modasyna täze itergi berýär
“Ýazgül öýmeler” butiginiň açylyş dabarasyndan bir pursat

Aşgabat şäheriniň milli moda sahnasynda duşenbe güni “Ýazgül öýmeler” atly ýokary hilli öýmeleriň şou-rum butigi peýda boldy. Butik paýtagt Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” söwda we dynç alyş merkezinde açylyp, ol ajaýyp türkmen öýmelerine isleg bildirýän müşderilere “premium” söwda tejribesini hödürleýär.

“Ýazgül öýmeler” butiginde alyjylara hödürlenilýän öýmeler “premium” toparyna degişli bolup, olary taýýarlamakda iň gowy materiallar ulanylýar we her bir aýratynlygyna içgin üns berilýär. Müşderiler bu ýerde öz isleglerine gabat gelýän dürli reňkli we görnüşli öýmeleri satyn alyp bilýärler.

“Ýazgül öýmeler” butigi dürli görnüşli öýmelerden başga-da moda boýunça maslahatçylaryň hyzmatlaryny hem hödürleýär. Maslahatçylar moda boýunça ussat bilermenler bolup, olar müşderiniň şahsyýetini hem-de äheňini şöhlelendirýän öýmeleri saýlamak boýunça ýardam bermäge taýýardyrlar.

Aşgabatda öýmeleriň şou-rum butiginiň açylmagy bölek söwda pudagynda möhüm wakadyr. “Premium” teklipleri we müşderilere maslahat beriş hyzmaty bolan bu butigiň önümleri hili we özboluşlylygy bilen paýtagtdan bolan müşderileriň, şeýle-de myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. “Ýazgül öýmeler” butigi ýaglyk bilen keşbiňi bezemek ýa-da ussat bilermenlerden maslahatlary almak üçin iň göwnejaý ýerdir.

Türkmen jemgyýetinde öýme milli egin-eşikleriň möhüm bölegi bolup, ony dürli ýaşdaky zenanlar gündelik, şeýle-de dürli çärelerde atynýarlar. Öýmeler türkmen medeniýetine mahsus bolan nagyşlary we dizaýnlary özünde jemleýär hem-de milliligiň nyşany hasaplanýar.

Häzirki wagtda öýme türkmen aýal-gyzlarynyň, şeýle-de bu milli senediň täsin we inçe gözelligi bilen gyzyklanýan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda meşhurlygyny saklaýar.

“Ýazgül öýmeler” butigi bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgisi: +99365 37-37-10

Instagram: yazgul_premium

2022