Türkmen gazyny Hytaýa ibermek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gazyny Hytaýa ibermek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek hödürlenildi
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin sammitiň dowamynda eden çykyşynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda energiýa ösüşi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde eden çykyşynda türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin sammitiň dowamynda eden çykyşynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda energiýa ösüşi boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etmegi isleýändigini aýtdy. “Biziň “Hytaý-Merkezi Aziýa” gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny tizleşdirmegimiz, nebit we gaz söwdasyny giňeltmegimiz, ähli energiýa senagat zynjyrlary boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegimiz, şeýle hem täze energetika we ýadro energiýasyny parahatçylykly peýdalanmakda hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmegimiz zerurdyr” diýip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin öz çykyşynda nygtady.

“Türkmenistan–Hytaý” gaz geçirijisi bu ugurda anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr. Şu gaz geçirijiniň netijesinde hytaýly hyzmatdaşlarymyz häzirki döwürde öz senagatyny ösdürýär, Hytaýyň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin mümkinçilik hem berendigine aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde penşenbe güni Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. Sian şäherinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler tamamlanylandan soňra gümrük edaralaryň özara düşünişmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatdaşlyk, şeýle hem syýasy partiýalaryň alyş-çalyş etmegine gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022