“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda jemi 864 täze öý peýda bolar. (Surat: centralasia.news)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda binalary we desgalary gurmak üçin bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan 20 sany ýaşaýyş jaýyň 8-si 54 öýli, 12-si 36 öýli jaýlardan ybarat bolar. Şeýlelikde “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda jemi 864 täze öý peýda bolar.

Bulardan başga-da, bäsleşik 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň we seýilgähiň gurulmagyny öz içine alýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Şeýle hem Gyzylarbat etrap häkimligi etrabyň Gyzylarbat şäheriniň demirgazyk-günbatar kiçi etrabynyň 18-nji ýaşaýyş jaý toplumynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 16 sany 2 gatly, 1 öýli, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022