Ýanwar-mart: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $541 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $541 milliondan geçdi
Mersin porty, Türkiye (Surat: zeymarine.com)

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 541,05 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýy bilen bilen deňeşdirilende 27,4 göterim ýokarydyr (424,67 million ABŞ dollary). Bu barada Türkiýäniň statistika institutynyň (TurkStat) beren maglumatlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistan Türkiýä 306,06 million ABŞ dollaryna barabar bolan önüm eksport etdi. Bu bolsa 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende 34,6 göterim köpdür (227,4 million ABŞ dollary).

Şeýle-de 2023-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistan umumy möçberi 243,99 million ABŞ dollaryna golaý bolan türk harytlaryny import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,1 göterim artdy (197,27 million ABŞ dollary).

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 2,067 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarydyr.

2022