Türkmenistanyň 2024-nji ýylda nebit däl pudagynda jemi içerki önümiň ösüşiň 2,3 göterim, nebit pudagynda bolsa 1,2 göterim bolmagy çaklanylýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) soňky sebitleýin ykdysady çaklamasyna salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
HPG-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň 2023-nji ýylda nebit pudagynda jemi içerki önümiň ösüşi 2,9 göterime, nebit däl pudagynda bolsa 2,2 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar.
Şeýle hem maglumatlara görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň nebit däl pudagynda jemi içerki önümiň ösüşi 2,3 göterime, nebit pudagynda bolsa 0,6 göterime deň boldy.
HPG-nyň çaklamasynda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň haryt eksporty 15,6 milliard ABŞ dollaryna, importy bolsa 9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar.