“Polat dokma we söwda” trikotaž matalary, haly üçin ýüpleri öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Polat dokma we söwda” trikotaž matalary, haly üçin ýüpleri öndürýär
“Polat dokma we söwda” hususy kärhanasy polipropilen multifilament ýüplükleri hem öndürilýär.

“Polat dokma we söwda” hususy kärhanasy ýokary hilli trikotaž matalary, haly we haly önümçiligi üçin sintetik hem-de nah ýüpleri öndürýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu kärhana Türkiýäniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, onda polipropilen multifilament ýüplükleri hem öndürilýär. Bu kärhananyň trikotaž matalarynyň 4 görnüşinden günde 2 tonna, multifilament ýüplüklerinden bolsa 9 tonna golaý önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Habarda bellenilişi ýaly, Öndürilýän önümler ekologiýa taýdan arassalygy, berkligi, daşky täsirlere durnuklylygy,haly we haly önümlerini dokamakda ulanylýan ýüplükleriň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Önümçilik üçin çig mal Türkmenistanyň pagta egriji, ýüplük kärhanalaryndan hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

“Polat dokma we söwda” kärhanasynyň önümlerinden Türkmenistanyň tikinçilik kärhanalary we haly fabrikleri sport egin-eşiklerini, başgaplary, sintetik halylardyr haly önümlerini, düşekçelerdir örtgüleri, çagalar üçin ýorgan düşek toplumlaryny tikip, söwda merkezlerine ugratýarlar.

Bu kärhana öndürýän önümlerini Özbegistana, Gazagystana, Täjigistana, Moldowa eksport edýär.

2022