Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) wekilleri şu ýylyň 29-31 nji maý aralygynda sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine gelerler. Bu barada “News Central Asia” agentligi anna güni habar berdi.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow anna güni BSG-nyň goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maika Oşikawa bilen ýakynda geçiriljek duşuşygy ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar BSG agza bolmak meselelerine we Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň taýýarlanyşyna garadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, BSG-nyň Baş Geňeşi guramanyň agzalary bilen Türkmenistanyň agza bolmak şertleri boýunça gepleşiklerine gözegçilik etjek iş toparyny döretdi.
Türkmenistana 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda BSG-nyň synçysy derejesi berildi.