Balkanda taýýarlanylan senagat önümleriniň umumy möçberi 6,5 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda taýýarlanylan senagat önümleriniň umumy möçberi 6,5 milliard manatdan geçdi
"Batly-Gadam" hususy kärhanasyndaky onümçilik işlerinden bir pursat

Balkan welaýaty boýunça şu ýylyň dört aýynda taýýarlanylan senagat önümleriniň umumy möçberi 6 milliard 559 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýat boýunça taýýarlanylan senagat önümleriniň ýaryna golaýy hususy eýeçiligiň paýyna düşüp, olar içerki we daşarky bazarlara ugradyldy.

Balkan welaýatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat önümlerini taýýarlamakda gazanylan ösüş depgini 107 göterime golaý ýokarlandyryldy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň geçen ýanwar-mart aýlarynda tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 2 milliard 592 million manada barabar bolup, bu ugurda 109 göterim ösüş gazanyldy. Şunda haryt dolanyşygynyň 2,6 milliard manatdan hem gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär.

2022