Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär
Hytaý emeli intellekt, uly maglumat we 5G ýaly ösen sanly tehnologiýalary ösdürmekde tejribe alyşmaga hem taýýar.

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwda pudagynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Hytaýyň Söwda ministrliginiň resmi wekili Şu Juetingiň aýdanlaryna salgylanyp, Hytaýyň “Sinhua” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Hytaý öz kärhanalaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammarlary döretmek boýunça amallaryny goldaýar we Hytaýyň elektron söwda platformalarynda hasaba alnan bu ýurtlaryň kompaniýalaryna ýardam berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý emeli intellekt, uly maglumat we 5G ýaly ösen sanly tehnologiýalary ösdürmekde tejribe alyşmaga hem taýýar.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň resmi wekili Hytaýyň Aziýa ýurtlaryndan goşmaça önümleriň möçberiniň Hytaýyň bazaryna girmegini goldaýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Hytaý serhetara infrastrukturanyň gurluşygyny, nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, serhetara turbageçirijileriň gurluşygyny ösdürmäge, oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň importyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Şeýle hem Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär we Türkmenistan bilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna tiz ara agza bolmagyny goldaýar.

2022