Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian (Surat: mehrnews.com)

Türkmenistan bilen Eýran Mary-Sarahs elektrik geçirijisiniň täze ulgamynyň gurulmagy bilen alyş-çalşyk usuly arkaly elektrik üpjünçiliginiň mukdaryny 1000 megawat sagada çenli artdyrar diýip, Eýranyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sişenbe güni Eýrana baran türkmen wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Eýranyň energetika ministri häzirki wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň 500 megawat sagat elektrik energiýasyny alyş-çalyş etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem ministr Ali Akbar Mehrabian duşuşykda Mary bilen Sarahsyň arasynda dört zynjyrly we uzynlygy 150 kilometre barabar bolan täze elektrik geçirijisiniň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak boýunça ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen sişenbe güni Tähranda geçirilen duşuşykda Eýranyň günde takmynan 10 million kub metr türkmen tebigy gazyny import etjekdigini aýtdy.

2022