“Argus” türkmen kompaniýalaryny Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazarlarynyň konferensiýasyna çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Argus” türkmen kompaniýalaryny Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazarlarynyň konferensiýasyna çagyrýar
Almaty şäherinde geçiriljek konferensiýa 30 sany ýurtdan 115 sany kompaniýanyň 300-den gowrak wekiliýeti gatnaşýandygyny tassyklady. (Surat: argusmedia.com)

“Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny 22-23-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek "Argus Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazary – 2023" atly V halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Bu konferensiýa nebit we nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz we nebithimiýa bazarlarynyň möhüm gatnaşyjylaryny, şeýle hem Gazagystanyň we GDA ýurtlarynyň ulag we logistika kompaniýalarynyň hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Almaty şäherinde geçiriljek konferensiýa 30 sany ýurtdan 115 sany kompaniýanyň 300-den gowrak wekiliýeti gatnaşýandygyny tassyklady.

Maslahatlaşyljak mowzuklaryň arasynda:

  • Russiýadan nebit we nebit önümleriniň üpjünçiliginiň täze ugurlary we onuň sebite täsiri;
  • Gazagystanyň içerki bazarynda nebit üpjünçiliginiň beýanynyň üýtgemegi;
  • Ýakyn geljekde Gazagystanyň bazary;
  • Gazagystanda, Özbegistanda, Azerbaýjanda nyrh amallaryny geçirmek;
  • Global suwuklandyrylan gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy;
  • Suwuklandyrylan gazyň Russiýadan Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksportynyň ösüşi;
  • Nebit we gaz himiýasy: Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze taslamalar;
  • Gazagystanda nebithimiýa pudagynyň ösüşi: eksport mümkinçilikleri we importa baglylygy azaltmak;
  • Transhazar ýük daşamalarynyň ösüşi;
  • Sebitdäki demirýol arkaly ýük daşamalarynyň aýratynlyklary.

Konferensiýa “Petrolic”, “Crait”, “Olympic Petroleum”, “Alcagesta”, “PTC Holding”, “Texol, SGS”, “Intertrans”, “Yama Petrol DMCC”, “Bashir Navid Petroleum”, “Midas Oil Trading”, “Intertek”, “Semurg Invest”, “CIM Bank” ýaly hyzmatdaş kompaniýalaryň goldawy bilen geçiriler.

Ýakynda geçiriljek konferensiýa barada has giňişleýin maglumat almak üçin salgy boýunça geçip bilersiňiz.

Konferensiýa hasaba durmak üçin salgy boýunça geçiň.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022