"Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Argus mineral dökünleri – 2023” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.
Sebitde geçiriljek uly göwrümli konferensiýa öndürijileri, söwda we ulag kompaniýalaryny, infrastruktura eýelerini, ýük daşaýjylary, eksportçylary, logistika operatorlaryny, maliýe kompaniýalaryny hem-de Ýewropadan, Aziýadan we Afrikadan tehnologiýa bilen üpjün edijileri bir ýere jemlär.
Geçen ýyl geçirilen konferensiýa 20 ýurtdan 250-ä golaý wekiliýet gatnaşdy we bu ýyl hem onuň maglumat beriji we ähmiýetli boljakdygyna garaşylýar.Sentýabr aýynda geçiriljek konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylar ýakyn ýyllarda Hazar deňziniň we Gara deňziniň eksport bazarlaryny kesgitlän önümleri we olaryň göwrümlerini hem-de gowşuryş usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Konferensiýada maslahatlaşyljak mowzuklar:
- Global dökün bazaryndaky häzirki tendensiýalar;
- Gündogar Ýewropanyň dökün bazarynyň ýagdaýy (Rumyniýa, Wengriýa we Bolgariýa);
- Hazar we Gara deňiz sebitlerinden dökünleriň eksportynyň göwrüminiň üýtgemegi;
- Hazar, Gara deňiz we Ortaýer deňiz ýurtlarynda karbamid bazary;
- Türkiýe – täze dökün eksport merkezi hökmünde;
- Hazar we Gara deňiz portlarynda täze logistika infrastrukturasy;
- Demirýol ulag geçelgelerini ösdürmek, demir ýol ýük gatnawlary bilen gara ýol ulaglary arkaly ýük gatnawlaryň arasyndaky bäsdeşlik;
- Konteýner we multimodal ýük gatnawlary arkaly dökünleri daşamak - üpjün edijiler üçin täze mümkinçilikler;
- "Ýaşyl" dökünler.
14-nji iýula çenli gatnaşmak üçin hasaba alyş tölegi adaty 2000 ýewro deregine 1750 ýewro.