Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, işleriň bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guralmagyna, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri barada habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany daşary söwda amallaryny ösdürmekde, eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmakda, biržanyň ornuny belläp, wise-premýere birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de hasabatyň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky düzümleriň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.