Maşat şäherinde eýran-türkmen işewürlik forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maşat şäherinde eýran-türkmen işewürlik forumy geçiriler
Türkmenistan-Eýran işewürlik forumy, 2018-nji ýylyň fewral aýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: tehrantimes.com)

Eýranyň Maşat şäherinde ýerleşýän Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy edarasynda şu ýylyň 17-nji iýunynda Eýran-Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy portalyna salgylanyp, “Tehran Times” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Bu forum Eýran-Türkmenistan bilelikdäki söwda edarasy tarapyndan gurnalyp, ol iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky gepleşikler we ýüzbe-ýüz hyzmatdaşlyk üçin platforma bolup hyzmat eder.

Türkmenistan bilen Eýran iki ýurtda özara söwda wekilhanalaryny açmaga gyzyklanma bildirdiler diýip, “Trend” agentligi Türkmenistanyň resmi metbugatyna salgylanyp duşenbe güni habar berdi.

Bu başlangyç şu ýylyň 31-nji maýynda Eýranda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibafyň arasynda geçirilen gepleşiklerde teklip edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022