Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,7 milliard manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 89,7 milliard manada golaýlady
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň möçberi 19 milliard 648 million manada deň boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 89 milliard 692,90 million manada ýetdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 10,7% artdy. 2022-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 81 milliard 043,58 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 58 milliard 43 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 6,7% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 54 milliard 370 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 1 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 18,1% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 10 milliard 156 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 648 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,9% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji maý ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 16 milliard 518 million manada deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 5 milliard 341,9 million manatdan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022